
Täzelikler
66

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki nesillere dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek hem-de ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin taýýarlygyň ugry we hünärleri boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak işi möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän Aşgabat we Arkadag şäherlerinde orta bilim berýän mekdepleriniň 12-nji synpynyň okuwçylary bilen hünäre ugrukdyrmak boýunça gürrüňdeşlik işleri geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda öňe sürülýän adyl we ynsanperwer syýasatyň düýp özeninde ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlap alan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýaly asylly ýörelgeler bar. Ýurdumyzyň aýdyň geljegini bina etmeli türkmen ýaşlaryny ylym- bilim taýdan kämil, ukyply edip ýetişdirmek yaly işleri amala aşyrmak bolsa professor-mugallymlaryň öňünde anyk meseleleri goýýar. Bu wezipeleri ýerine ýetirmäge bolsa ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.