
Täzelikler
95

Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde Täjik milli uniwersitetinde (Tajik National University) «Merkezi Aziýanyň bilim we iş bilen üpjünçilik pudaklarynda ekologiýa meselelerini, sosial zerurlyklary we degişli dolandyryşy utgaşdyrmak» (ESGCA) taslamasynyň çäklerinde maslahat geçirildi. Oňa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary gatnaşdylar. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mugallymlaryny we hünärmenlerini bir ýere jemlän maslahatyň dowamynda ylym-bilim ulgamynda ekologik taýdan arassa tehnologiýalary döretmek we ulanmak, ýaşlaryň daşky gurşaw baradaky düşünjesini kämilleşdirmek, innowasiýalary maliýe taýdan goldamak, täze bilim usullaryny işläp düzmek barada okuw maslahaty, duşuşyklar geçirildi.
Şeýle-de özara pikir alyşmak we aýanlyk ýagdaýynda guramaçylykly geçirilen «tegelek stol» duşuşyklarynda Merkezi Aziýa döwletlerinde, şol sanda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ekologiýa çäreleri, suwy tygşytly ulanmak, alternatiw energiýa çeşmeleri hakynda ylmyň täze çemeleşmeleri, döwrebap gidrologik tehnologiýalaryň önümçilige oňaýly täsiri, nebiti we gazy çuň gaýtadan işlemek, şunda galyndysyz önümçiligi gazanmak barada çykyşlara orun berildi.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.