tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Bitaraplyk binasyndaky muzeýe gezelenç etdiler

24.12.2025

1676

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Bitaraplyk binasyndaky muzeýe gezelenç etdiler

Bilşimiz ýaly, halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Aşgabadyň özboluşly binagärlik gözelliginiň, ýagny döwrebaplaşdyrylan «Bitaraplyk» binasynyň açylyşy boldy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary hem Bitaraplyk binasyndaky muzeýe gezelenç etdiler. Onuň barşynda talyplar Türkmenistanyň hemişelik Bitarap derejesiniň taryhy, oňyn diplomatiýanyň aýratynlyklary we özboluşly baý taryhy barada gürrüň berýän ajaýyp eksponatlar bilen tanyşdylar.

«Bitaraplyk» binasynyň içinde Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Bitaraplyk muzeýiniň» şahamçasy ýerleşýär. Muzeýiň ekspozisiýasy myhmanlary döwletiň içeri we daşary syýasatynyň çäklerindäki iň möhüm wakalar bilen tanyşdyrýar. Görkezilýän resminamalar, fotosuratlar we eksponatlar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň diňe bir sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmän, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň kepili bolup durýandygyny, şeýle hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyna ýardam edýändigini görkezýär.

Maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmek üçin muzeýiň ekspozisiýasy döwrebap maglumat tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Ähli maglumatlar interaktiw suwuk kristal (LED) ekranlarda üç dilde: türkmen, iňlis we rus dillerinde hödürlenýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Bitaraplyk muzeýiniň» şahamçasynyň hünärmenleri gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlary muzeýiň baý ekspozisiýasy bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen milli diplomatiýasyny dünýä tanatmakda tagallalary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Şeýle medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň watançylyk duýgularynyň ösdürilmegine, ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna, taryha we mirasa bolan hormatynyň artmagyna, olaryň medeni-diplomatik tärlerini öwrenmeklige uly täsirini ýetirýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz