
Täzelikler
77

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Aşgabat şäherindäki Bitaraplyk binasyna gezelenç etdiler. Bu medeni-bilim çäresiniň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň milli gymmatlyklarymyza bolan hormatyny artdyrmakdan ybarat boldy.
Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň taryhy ähmiýeti, onuň halkara derejesinde ykrar edilmegi hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty barada giňişleýin maglumat aldylar. Binanyň içki bezegi, muzeý eksponatlary hem-de döwrebap arhitektura aýratynlyklary ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Bitaraplyk binasynda ýerleşýän sergi zallarynda Türkmenistanyň ösüş ýoluny, halkara hyzmatdaşlygyny hem-de parahatçylyk başlangyçlaryny beýan edýän taryhy resminamalar, suratlar we maglumatlar görkezildi. Bu bolsa talyplarymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň gazanan üstünlikleri baradaky düşünjelerini has-da giňeltdi.
Gezelenç talyplar üçin diňe bir tanyşdyryş çäresi bolman, eýsem, olaryň ýurdumyza bolan buýsanjyny artdyrdy, döwletimiziň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine has çuňňur düşünmäge şert döretdi. Talyplar şeýle çäreleriň bilim we terbiýeçilik taýdan örän uly ähmiýetini belläp, özleri hakyndaky ägirt uly aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Bu gezelenç ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde, milli mirasymyza we döwlet gymmatlyklaryna bolan hormaty berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.