
Täzelikler
168

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn tagallasy bilen, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary hilli bilim almagy babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym hem döredijilik bilen meşgullanmagy, hünär bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň aýratyn ýardam bermegi bilen, döwrebap enjamlaşdyrylan umumybilim berýän okuw mekdeplerimizde ýaş nesle döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilim berilýär.
Bilim ulgamynda amala aşyrylýan uly işler öz miwesini berýär. Türkmenýaşlarynyň halkara bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri ýyl-ýyldan artýar. 2025-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bilim almak, hünär öwrenmek baradaky nesihatlaryna eýerip, watançylyk taglymatlaryndan ruhlanyp, bilimleri üstünlikli özleşdirmekdäki, aýratyn hem halkara ders bäsleşiklerinde hemişelik Bitarap Watanymyza wekilçilik edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna goşan mynasyp goşantlary, gazanan uly üstünlikleri üçin ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylaryny, ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny, şeýle hem olary bu bäsleşiklere taýýarlan ussat, halypa mugallymlary sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna hem-de olary bu bäsleşiklere taýýarlan mugallymlara we talyplara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sylaga mynasyp bolanlar ýaşlar, halypa mugallymlar buýsançly ýürek sözlerini aýdyp, okamaga, hünär öwrenmäge, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz alkyş aýtdylar.
Taýýarlan: Haýdarguly Muhammetgulyýew,
“Bilim” žurnaly.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.