tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Uniwersitetiň talyby “GDA-nyň iň gowy talyby” bäsleşiginde ýeňiji boldy

29.12.2025

1219

Uniwersitetiň talyby “GDA-nyň iň gowy talyby” bäsleşiginde ýeňiji boldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Orazberdiýew Gadyr okuwda we jemgyýetçilik işlerinde işjeňligi, jogapkärçiligi hem-de liderlik ukyplary bilen tapawutlanýar. Yzygiderli zähmet çekmegi we öz üstünde işlemegi netijesinde halkara derejede birnäçe möhüm üstünlikleri gazandy.

2025–2026-njy okuw ýylynda milli innowasion ylmy-barlag merkezi “Bilim-orkenieti” tarapyndan guralan halkara “XXI asyryň lideri” atly bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji boldy we I derejeli diplom, döşe dakylýan nyşan hem-de kubok bilen sylaglandy. Bu üstünlik onuň liderlik başarnyklarynyň, bilim derejesiniň we jemgyýetçilik işlerine bolan işjeň gatnaşygynyň ýokarydygyny görkezýär.

Şeýle hem, “Bilim-orkenieti” hem-de respublikan innowasion merkezi “Jaña Kazakstan” tarapyndan bilelikde geçirilen halkara “GDA-nyň iň gowy talyby” bäsleşiginde ýeňiji bolup, I derejeli diploma mynasyp boldy. Bu bäsleşikde gazanan üstünligi onuň ýaşlar syýasatyna we jemgyýetiň ösüşine goşýan goşandynyň nyşanydyr.

Mundan başga-da, halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri üçin ýolbaşçysy bolan mugallym Döwletmyrat Porrykowyň adyna minnetdarlyk haty gowşuryldy. Bu bolsa onuň topar bilen işlemek ukybynyň we jogapkärçilikli çemeleşmesiniň ýokary derejede bahalandyrylýandygyny tassyklaýar.

Gazanan üstünlikleri Orazberdiýew Gadyry geljekde hem bilimini kämilleşdirmäge, täze maksatlara ymtylmaga we Watanyň ösüşine öz goşandyny goşmaga ruhlandyrýar.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz