tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Sylaglamak dabarasy geçirildi

31.12.2025

1618

Sylaglamak dabarasy geçirildi

Golaýda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde ýerleşýän Hohaý uniwersitetiniň gurnamagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Nazary mehanika dersi boýunça VI Halkara olimpiadasy geçirildi. Bu halkara olimpiada dürli döwletleriň uniwersitetleriniň 66-syndan 600-den gowrak talyp ýaşlar öz aralarynda bäsleşdiler. Nazary mehanika dersi boýunça geçirilen VI Halkara olimpiadasyna türkmen talyplaryndan wekilçilik eden Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Ataýewa Dursunjemal hem-de Azadowa Mähriban gatnaşyp, ikisi hem şahsy bäsleşikde II orna, toparlaýyn bäsleşikde türkmen topary II orny eýelemegi başardy. Bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýeňijileri gazanan üstünlikleri bilen gutlamak hem-de degişli diplomlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda institutyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň halkymyzyň asuda, parahat durmuşyny, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz halkymyzyň her bir gününi toý-baýramlara, şanly wakalara besleýänTürkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz