tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Döwletliler köşgüniň çagalaryna Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

02.01.2026

1567

Döwletliler köşgüniň çagalaryna Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

       2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Döwletliler köşgünde Täze ýyly garşylamaga bagyşlanan dabara geçirildi. Köşkde terbiýelenýän, ylym-bilim alýan çagalara Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan ýörite süýjilik sowgatlary, saz gurallar toplumy hem-de interaktiw okuw tagtasy gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumy ykrar edilen kadalara hem-de halkymyzyň milli ynsanperwer däplerine esaslanýan durmuş syýasaty Türkmenistanda çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulmagyny kesgitleýär. Biziň ýaş nesillerimiziň ruhy hem-de beden taýdan ösmegi köpugurly zehinleriniň hemmetaraplaýyn açylmagy üçin ähli şertler döredilendir.

       Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çagalar konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, özleriniň döredijilik zehinlerini görkezdiler. Dabaranyň geçýän ýerindäki baýramçylyk bezegleriniň köp böleginiň çagalaryň çeper elleri bilen ýerine ýetirilendigi bellemek gerek. Çagalar dürli reňkli yşyklar bilen bezelen ajaýyp arçanyň ýanynda goşgy okadylar, göçgünli tanslary hem-de eziz diýarymyzy, hormatly Prezidentimizi wasp edýän, şonuň ýaly-da söýgüli Täze ýyl baýramyna bagyşlanan joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler. Ýaş zehinlileriň çykyşlary Aýazbaba, Garpamyk we ertekileriň beýleki gahrymanlary bilen bilelikde arçanyň daşyndan el tutuşyp aýlanyp begençleriniň çägi bolmady.

       Gahryman Arkadagymyz-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gowşurylan sowgatlara çagalaryň begenjiniň çägi bolmady. Çagalar hormatly Prezidentimize hemişelik üns-aladasy üçin hoşallyk bildirip, Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny beýan etdiler.

BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan

Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň

terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary

Gülşat Karaýewna Orazgeldiýewa    

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz