

Täzelikler
661

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Nurýagdy Baýryýew "Iň gowy ylmy iş - 2025" atly XXIII halkara ylmy-barlag bäsleşiginiň II derejeli ýeňijisi boldy. Bäsleşik Russiýanyň Penza şäherinde ýerleşýän Halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygy merkezi tarapyndan guraldy. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanly talyp halkara bäsleşige öz işini onlaýn görnüşde hödürledi. Onuň "Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň hukuk esaslary we ony üpjün etmegiň aýratynlyklary" atly ylmy-barlag işine bäsleşigiň eminler topary tarapyndan ýokary baha berildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň konstitusion hukuk kafedrasynyň uly mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty Oguljeren Suhanberdiýewa Nurýagdy Baýryýewiň ylmy ýolbaşçysy boldy.
Nurýagdy Baýryýew geçen ýylyň noýabr aýynda "Türki halklaryň iň gowy talyby" atly halkara bäsleşikde hem ýeňiş gazandy.