tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Dabaraly maslahat geçirildi

06.01.2026

542

Dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip, atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher komitetleri bilen bilelikde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher komitetleriniň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda ýylyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmuny, türkmen bedewleriniň şan-şöhraty, türkmen bedewlerini wasp edýän jümleler, rowaýatlar we birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabarada institutyň çeper höwesjeň talyp ýaşlary halkymyzyň asuda, parahat durmuşyny, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründeýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz