tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Şatlykly geçýän pursatlar

07.01.2026

623

Şatlykly geçýän pursatlar

Gyşky dynç alyş möwsümini täsirli, ýatda galyjy, gyzykly pursatlaryň bolmaklaryny gazanmak hem-de pederlerimiziň ynsanperwer ýörelgelerine, şöhratly taryhymyza söýgi döretmek maksady bilen Lebap welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan mekdep okuwçylary üçin gyşky dynç alyş möwsüminde medeni-dynç almak boýunça düzülen  meýilnamasy esasynda welaýatyň Kerki etrabynyň Astanababa ýadygärligine, Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän Amul galasyna, welaýatyň Taryhy we  ülkäni öwreniş muzeýine, welaýat kitaphanasyna gezelençleri guraldy. Mekdep okuwçylary Welaýat kitaphanasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitaby bilen tanyş boldular we kitabyň many-mazmuny barada gürrüňdeşlik geçirildi. Gezelençleriň dowamynda muzeýde we taryhy ýadygärliklerde baý taryhymyza, türkmen halkynyň ýaşaýşyna, merdana pederlerimiziň görkezen gahrymançylyklaryna bagyşlanan maglumatlar, fotosuratlar, döwürlere degişli ýerleşdirilen eksponatlar, taryhy ýadygärlikler dogrusynda giňişleýin maglumatlar berildi. Ata-babalarymyzyň şöhrata beslenen taryhy sahypalarymyza ser salmaga we olar dogrusynda düşünjelerini has-da artdyrmaga, ylym we bilim Işgärleriniň berýän taryhy ähmiýetli gürrüňleri mekdep okuwçylarynyň aýratyn gyzyklanmasyna eýe bolup, olaryň her biri watançylyk ruhuny galkyndyrmaga, ýaşlary watansöýüji, ilhalar, mynasyp Watan ogul-gyzlary bolup ýetişmeklerine itergi berdi.

Lebap welaýat Baş bilim müdirligi

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz