
Täzelikler
692

2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent maksatly wezipeler üstünliklere beslenýär” atly maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan daşary syýasat strategiýasy hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly eserinde: “Her bir halk özüniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bizi bezeýän häsiýetler bizi beýgeldýän aýratynlyklardyr” diýip belleýär. Elbetde, şol aýratynlyklar bolsa, türkmeniň beýik häsiýetlerinde — parahatçylyk söýüjilik, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik ýaly belent adamkärçilik ýörelgelerinde jemlenýär. Bu günki gün ýurdumyz parahatçylygy döretmegiň nusgasy hökmünde tanalýar.
Maslahatyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara giňişligindäki möhüm ornuny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan ýokarlandyrmakda alyp barýan, Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän işleri üçin alkyş sözleri aýdyldy.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.