
Täzelikler
751

Türkmenistanda ilatyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek, türkmen sportuny dünýä çykarmaga gönükdirilen wezipeler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Ähli sport ugurlary bilen bir hatarda küşt, şaşka sportuna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda küşt, şaşka sporty boýunça bäsleşikler guralyp, olaryň görkezen oýunlary netijesinde olaryň toplan utuklary boýunça orunlar kesgitlenildi. Baýrakly orunlary eýelän professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar sylaglanyldy.
Ýaryşa gatnaşan professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde geçirilen ýaryşyň ýokary derejesini hem-de ony geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri uly guwanç we höwes bilen aýratyn nygtadylar.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.