
Täzelikler
813

2025-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini, halkymyzyň aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde, şeýle hem edebiýatda, medeniýetde, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünliklerini, ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen professor-mugallymlary hem-de talyplary gutlamak bilen sylaglanyş dabarasy geçirildi.
Sylaglamak dabarasynda uniwersitetiň açylyp ulanylmaga berlen gününden başlap professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gazanan üstünliklerini göz öňüne tutup uniwersitetiň rektory tarapyndan degişli diplomlar hem-de höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda uniwersitetiň talyp ýaşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatyny, halkymyzyň asuda, parahat durmuşyny wasp edýän ýürek buýsançly sözlerini aýtdylar hem-de eziz halkymyzyň her bir gününi toý-baýramlara, şanly wakalara besleýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.