
Täzelikler
749

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp döwrebaplaşdyrylan “Bitaraplyk” binasynyň özboluşly binagärlik gözelligini synlamak üçin gezelençde boldular.
Gezelenjiň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň taryhy ähmiýeti, onuň halkara derejesinde ykrar edilmegi hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty barada giňişleýin maglumatlary görkezýän “Bitaraplyk muzeýine” girdiler. Binanyň içki bezegi, muzeý eksponatlary hem-de döwrebap arhitektura aýratynlyklary ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Bitaraplyk binasynda ýerleşýän sergi zallarynda Türkmenistanyň ösüş ýoluny, halkara hyzmatdaşlygyny hem-de parahatçylyk başlangyçlaryny beýan edýän taryhy resminamalar, suratlar we maglumatlar görkezildi.
Bu gezelenç ýaşlaryň dünýägaraýyşlaryny giňeltmekde, milli mirasymyza we döwlet gymmatlyklaryna bolan hormaty berkitmekde, ýaşlaryň watançylyk duýgularynyň ösdürilmeginde, ruhy dünýäleriniň baýlaşmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Uniwersitetiň professor-mugallymlary şeýle çäreleriň bilim we terbiýeçilik taýdan örän uly ähmiýetlidigini belläp, ýaşlar hakyndaky ägirt uly aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.