
Täzelikler
857

2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Galkynyş otagynda talyp ýaşlaryň saýlap alan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek maksady bilen ýurdumyzda ýokary hilli bezeg işlerini etmekde hyzmat edýän “Nurly Nazar” hususy kärhanasynyň hünärmeni bilen tejribe alyşmak sapagyny gurnadylar.
Açylyş dabaralarda, baýramçylyk meýdançalarynda ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen, owadan görnüşli şekilleri bilen tapawutlanýan “Nurly Nazar” hususy kärhanasy täze desgalarda, sergi pawilionlarynda görk goşýan ýokary hilli bezeg-gurnamak işlerini taýýarlamagyň ýollary barada söhbetdeşlik gurady.
Türkmen telekeçileriniň öňünde täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen çäreleri, şol sanda iri döwlet buýurmalaryny hem-de maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly täze wezipeler durýar. Ýurdumyzda telekeçilik işiniň ösdürilmeginde ýaş telekeçileriň hem paýynyň bardygyny bellemek gerek.
“Nurly Nazar” hususy kärhanasynyň hünärmeni hem-de uniwersitetiň talyp ýaşlary hususy pudagyň ornuny pugtalandyrmaga, önümlerimiziň dünýä bazarlaryna çykarylmagynda ägirt uly mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.