
Täzelikler
228

2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Arkadag şäher bilim müdirliginiň guramagynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda 2025-2026-njy okuw ýylynyň gyşky dynç alyş günlerinde mekdep okuwçylary bilen geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, zenan mugallymlaryň ýolbaşçylygynda «El hünäri il gezer» diýen at bilen milli el işleriniň sergisi guraldy. Arkadag şäheriniň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de degişli mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu sergi okuwçylaryň aňynda milli mirasymyza, medeniýetimize, kämil sungatymyza bolan söýgini artdyrmakda ähmiýetli boldy.
Sergide haly önümlerine we el işlerine degişli beýleki milli gymmatlyklarymyza uly orun berlipdir. Mundan başga-da, sergide çagalaryň surat işleriniň, gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän Hormat hatlarynyň we degişli şahadatnamalarynyň, kuboklaryň, şeýle hem taslama işleriniň ýaýbaňlandyrylmagy onuň ýatda galyjylygyny üpjün edýär. Okuwçylaryň gyşky dynç alyş möwsüminde uly ruhubelentlikde geçirilen bu sergide görkezilen önümleriň aglabasynyň okuwçylaryň öz zähmetiniň miwesidigi bolsa diýseň buýsandyryjydyr.
Arkadag şäher bilim müdirligi
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.