
Täzelikler
259

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, hünärli, innowasion tehnologiýalardan baş çykaran kämil nesli kemala getirmek, okatmagyň häzirki zaman usullaryny iş tejribä ornaşdyrmak babatda ýerine ýetirilmeli işleri hem-de 2025–2026-njy okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemini jemlemek we ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda pedagogik işgärleriň etrap (şäher) maslahatlary «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar bilen geçirildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň wekilleri, zähmet weteranlary, hormatly dynç alyşdaky ussat mugallymlar, hormatly il ýaşululary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, işjeň ata-eneler hem geçirilen maslahatlaryň hormatly myhmanlarynyň hatarynda boldylar.
Maslahatlarda öz kärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda döwrebap guraýan, döredijilikli işleýän, guralýan bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolan bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary täsirli boldy.
Ogulgerek Annageldiýewa,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.