
Täzelikler
190

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, döwrebap bilimli, sagdyn bedenli, watansöýüji, döredijilikli, hünärli, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesli kemala getirmek esasy wezipe hasaplanýar. Bu möhüm wezipäni durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň pedagogik işgärlerine, usulyýetçi alymlara uly orun degişli bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, hünär ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine giň mümkinçilikler açyldy, ähli zerur şertler döredildi. Okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, mekdep okuwçylarynyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olary ylym we döredijilik bilen meşgullanmaga höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Giň gerimde alnyp barylýan döwrebaplaşdyrmak syýasaty ösüp gelýän ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede ýokary hilli bilim bermegiň, edep-terbiýeli we zehinli nesilleri ýetişdirmegiň öňdebaryjy tejribelerini bilim işine ornaşdyrmaga, döredijilikli we halal zähmet çekmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany bilimler merkezine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işlere has-da işjeň gatnaşmaklyga bilim işgärlerini borçly edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan bilim özgertmelerini durmuşa geçirmek, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, hünärli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesli kemala getirmek, okatmagyň häzirki zaman usullaryny iş tejribä ornaşdyrmak babatda ýerine ýetirmeli işleri hem-de 2025-2026-njy okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemini jemlemek we ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2025-nji ýylyň 22-nji noýabryndaky 391 belgili buýrugy esasynda 2026-njy ýylyň8-nji ýanwarda “Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr” diýen şygar bilen Lebap welaýatynyň pedagogik işgärleriniň etrap, şäher maslahatlary geçirildi.
Lebap welaýaty boýunça pedagogik işgärleriň etrap, şäher maslahatlaryna 1793 sany bilim işgärleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen maslahatyň geçirilýän ýerinde döredijilikli işleýän ýolbaşçylaryň, pedagogik we beýleki işgärleriň iş tejribesi boýunça guralan sergilere tomaşa etdiler. Sergilerde okuw işine, sanly serişdeleri ornaşdyrmaklyga, okuw-görkezme esbaplary ulanmaklyga degişli işleriň, bilim edaralaryň ýolbaşçylarynyň, okuw dersleri boýunça usuly birleşmeleriň, pedagogik geňeşiň döwrebap taýýarlanylan iş meýilnamalarynyň, sapak ýazgylarynyň, talabalaýyk ýöredilýän synp žurnallarynyň, gündelikleriň, ýazuw-barlag we okuwçylaryň iş depderleriniň nusgalary ýerleşdirildi.
Maslahatlar Türkmenistanyň döwlet Senasy ýerine ýetirilmegi bilen başlandy.
Maslahatlarda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, bilim edaralarynda ýolbaşçylygyň, okuw-terbiýeçilik işine gözegçiligiň ýola goýulyşy, häzirki zaman mugallymçylyk, usulyýet ylymlarynyň ýüze çykaran täzeliklerini okuw işine ornaşdyrmak, öňdebaryjy iş usullaryny öwrenmek hem-de köpçülige ýaýratmak, dünýä bilim ulgamynyň täzelikleri bilen tanyşdyrmak, hünär kämilligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada bellenilip geçildi.
Şeýle hem, etrap, şäher bilim bölümleriniň müdirleri 2025-2026-njy okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemleri we ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeler barada toplumlaýyn çykyş etdiler. Maslahatlarda öňdebaryjy iş tejribeli, öz kärlerine ussat mugallymlar, terbiýeçiler iş tejribeleri, ussatlyk sapaklary, okuw işlerinde innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak, ýaş nesle ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn-durmuş we ata-baba gelýän ýol-ýörelge esasynda has kämil terbiýe bermegiň ýokary netijeli usullary boýunça çykyş etdiler.
Maslahatlaryň dowamynda öňdebaryjy we netijeli zähmet çekýän bilim işgärleriniň 60-sy welaýat Baş bilim müdirliginiň, 447-si etrap, şäher bilim bölümleriniň “Hormat hatlary” we Kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandyryldy.
Maslahatlaryň ahyrynda geljegimiz bolan ýaş nesliň çuňňur bilim almaklary, bilim işgärleriniň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredýän, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözlerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, alyp barýan döwletli we tutumly işleriniň rowaç bolmagyny buýsanç sözleri bilen beýan etdiler!
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.