
Täzelikler
315

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 15-ine Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Kurbangözel Akmyradowa, mugallym-öwrenijileri Merjen Ýaýlymowa we Maýsa Geldiýewa tarapyndan “Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň iş mümkinçiliklerine täsiri” atly, dekabr aýynyň 22-sine “Diller” kafedrasynyň uly mugallymlary Gülşat Atamyradowa, Sähet Kuliýew, mugallym-öwrenijisi Selbi Gulmadowa tarapyndan “Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň medeni diplomatiýadaky orny” atly, şeýle hem, dekabr aýynyň 29-yna “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Kümüş Allabaýewa, mugallym-öwrenijileri Näzli Begjanowa, Maýsa Geldiýewa tarapyndan “Daşary ýurt dillerini öwrenmekde sanly tehnologiýalaryň orny” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Mugallymlar daşary ýurt dillerini öwrenmegiň talyplar üçin hünär taýdan kämilleşmäge we dünýägaraýşy giňeltmäge mümkinçilik berýändigini, medeni dialogyň bolsa global parahatçylygy üpjün etmegiň özeni bolup durýandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, sanly tehnologiýalary ulanmagyň talyplaryň halkara bilim standartlaryna has çalt ýetmeklerine mümkinçilik berjekdigini jemleýji pikir hökmünde öňe sürdüler.
Şeýle çäreler talyplaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşýar.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.