
Täzelikler
927

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynda görnükli türkmen kompozitory we milli opera mekdebiniň düýbüni tutujy Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Kitaphananyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, kompozitor halkyň gadymy däp-dessurlaryny dünýä saz sungatynyň akademiki görnüşleri bilen sazlaşykly utgaşdyryp bilen ussatdyr. D.Öwezowyň saz dili ýumşaklygy, keşpleriniň aýdyňlygy we çyn ýürekden çykýan mähirliligi bilen häzirki wagtda hem tanalýar, bu bolsa onuň eserlerini her bir diňleýji üçin elýeterli we ýakyn edýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar ussadyň wokal mirasyna aýratyn üns berdiler. Daňatar Öwezow özünden soň ägirt uly döredijilik mirasyny — 4 opera we 150-den gowrak wokal eserini, şol sanda halkyň gymmatlygyna öwrülen romanslaryny we aýdymlaryny galdyrdy.
Medeniýete goşan bimöçber goşandy üçin Daňatar Öwezowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen at berildi, onuň sungatdaky görnükli üstünlikleri bolsa soňra Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy bilen sylaglandy.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.