
Täzelikler
141

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa täze şäherdäki umumybilim berýän mekdebi döwrebaplaşdyryp, ony daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek boýunça meýilleşdirilen işler barada maglumat berdi.
Milli Liderimiz bu çözgüdi oňlap, ýöriteleşdirilen mekdebiň ähli düzümleriniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň we beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň özleşdirilmegi möhüm wezipedir.
Hormatly Arkadagymyz bu mekdebiň ýaşlary bakalawr, magistratura ýaly ugurlara gönükdirmäge ýöriteleşdirilen bilim ojagy bolmalydygyny nygtady. «Ony tamamlan okuwçylar öz islän hünäriniň eýesi bolmakda uly mümkinçiliklere eýe bolarlar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň dil öwrenmegi, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegine täsirini ýetirer. Şu maksat bilen, mekdebiň binasynyň ösen talaplara laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir» diýip, alym Arkadagymyz belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.