
Täzelikler
122

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilimli, sagdyn bedenli, ata Watana, halka pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýe bolmagy, şeýle-de sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň has-da giňelmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Sport ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler sport ussatlygyň ýokary derejelere çykmagyna hem ýardam edýär.
2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda “Bedenterbiýe we sport — sagdynlygyň binýady” atly türgenleşik çäresi geçirildi. Türgenleşik çäresinde talyplar sportuň dürli görnüşleri boýunça gurnaljak bäsleşiklere taýýarlyk işlerini geçirdiler. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde sportuň dürli görnüşleri bolan türkmen milli göreşi, erkin göreşi, sambo göreşi, stoluň üstünde oýnalýan tennis, futbol we woleýbol, küşt we şaşka görnüşleri boýunça çäreleriň gurnalmagy ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan tutumly işler ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, şeýle hem ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge niýetlenilip döredilen giň mümkinçilikler sagdyn bedenli ýaşlary kemala getirmekde hem-de ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna esas döredýär.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.