tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

Telekeçilik işi hakynda

12.01.2026

1438

Telekeçilik işi hakynda

2026-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Galkynyş otagynda talyp ýaşlary telekeçilik işine höweslendirmek maksady bilen  Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky döwrebap önümçilik “Täze saba” hojalyk jemgyýetiniň telekeçisi bilen tejribe alyşmak sapagy gurnaldy. “Täze saba” hojalyk jemgyýetinde önümçiligiň ähli tapgyry doly awmotlaşdyrylan, zawodda her minutda 25 diş çotga çykarylýar. Telekeçi Awstriýanyň we Germaniýanyň öňdebaryjy enjamlarynda günde ýigrimi bäş müňe golaý dişe ideg edýän çotga öndürýändiklerini we bazarlarda isleg bildirilýän harytlaryň biri hasaplanylýandygyny belläp geçdi.

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyplary yzygiderli gurnalýan tejribe alyşmak sapaklarynyň esasynda başlangyçly bolmak, önümçilige täzelikleri girizmek, harytlary we hyzmatlary paýlamak we sarp etmek ýörelgelerine esaslanýan hojalygy ýöretmekligiň usullary bilen tanyşýarlar. Telekeçilik işi – bu özbaşdak başlangyja, jogapkärçilige, innowasiýa we telekeçilik pikirine esaslanyp, peýda almaklyga gönükdirilen işiň aýratyn bir görnüşidir. Önümçilikde iň täze enjamlaryň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, zähmetiň täzeçil guralmagy netijesinde harytlaryň bäsleşige ukyplylygy döreýär.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz