tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

Bedew batly ösüşleriň ýurdy – Türkmenistan

12.01.2026

1842

Bedew batly ösüşleriň ýurdy – Türkmenistan

  2026-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Bedew batly ösüşleriň ýurdy – Türkmenistan” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahatyň başynda hormatly myhmanlar hem-de uniwersitetiň professor-mugallymlary tarapyndan halkymyza asuda, parahat durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, beýik ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly sözlerini beýan etdiler.

Maslahatda 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Hormatly Prezidentimiziň: “Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr” diýen sözlerinden nusga alyp,  bedewiň ynsanyň ýakyn dostudygyny, hemişe ynsana kömek berip gelendigini, bedew atlarynyň sungatdaky we edebiýatdaky wasplary barada çykyş etdiler. Döwrüň aýakdaş şahyry Süleýman Ilamanowyň goşgy setirleriniň üsti bilen ýurdumyzyň at-abraýyny, ahalteke atlarymyzyň waspyny ýetirmegi hem-de uniwersitetiň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy maslahat duşuşygynyň täsirli geçmegine iterdi.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz