
Täzelikler
110

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak taýdan uzak gözýetimleri nazarlaýan taryhy ösüşiniň meýillerinde ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda düýpli özgetmeleri dowamly amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan pedagogik işgärleri mertebelemek hem-de olaryň asylly zähmetini sylaglamak maksady bilen dabara geçirildi.
Dabaranyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimözgertmelerini durmuşa geçirmekde, Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary hem-de gymmatly taglymatlary esasynda ylymly, bilimli, watansöýüji nesli kemala getirmekde döredijilikli zähmet çekýän, pedagogiki ylmyň we terbiýäniň häzirki zaman maglumatlary hem-de nazaryýeti esasynda bilim işini ýokary derejede guramakda aýratyn ussatlygy bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň uly topary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Hormat haty” hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Bilşimiz ýaly, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde milli bilim ulgamynda düýpli özgertmeler dowamly amala aşyrylýar, ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň bilim giňişliginde mynasyp ornuny eýeläp, sazlaşykly ösýär. Halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, öňdäki orunlara eýe bolýan mekdep okuwçylarymyz hem-de talyp ýaşlarymyz döwletimiziň bilim edaralarynda berilýän bilimiň ýokary hilini, bäsleşige ukyplylygyny, netijeliligini öz gazanýan ýeňişleri bilen yzygiderli subut edýärler.
Dabaranyň dowamynda bilim ulgamynda gazanylýan üstünliklerde, ýetilýän her bir sepgitde eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri döwrebap bilimli, milli buýsançly, watansöýüji, zähmetsöýer nesiller edip kemala getirmekde ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynyň pedagogik işgärleriniň döredijilikli zähmetiniň aýratyn möhüm orny barada aýdylyp geçildi.
Sylaglanan öňdebaryjy bilim işgärleri öz çykyşlarynda ýürek buýsançlaryny aýdyp, hormatly kärlerinde mundan bu ýana hem yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde döredýän giň mümkinçilikleri üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Taýýarlan: Aşyrgeldi Ataýew,
“Bilim” žurnaly.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.