
Täzelikler
43

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen “ILIME BAGYŞ EDIP BUÝSANÇ BAÝLYGYN, ÝOL AÇAR SEN ÝYLDAN-ÝYLLARA, BEDEW!” atly dabaraly duşuşyk geçirildi. Çäräniň meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkeziniň eýwanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň mynasyp bolan baýraklary, amaly-haşam sungatynda bedewiň beýany bilen baglanyşykly gymmatlyklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy önümçilik merkezleriniň alyp barýan ylmy taslama işleriniň ýerleşdirilen sergisine aýlanyp gördiler. Serginiň ylmy taslama işleri biotehnologiýa pudagy boýunça ýerli çig mallara daýanýan önümler, himiki tehnologiýa boýunça materiýallaryň täze görnüşleri, sanly hyzmatlaryň weemeli aňy ornaşdyrmakda häzirki zamanmümkinçilikleri hem-de programma goşundylary aýratyn üns çekdi.
Soňra mejlisler jaýynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan wideorolige tomaşa edildi. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli edebi-sazly kompozisiýa we behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdym duşuşygyň açylyşyny has hem dabaralandyrdy. Soňra dabara “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çykyşlary arkaly dowam etdi. Çykyş edenler 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň özleri üçin uly buýsançdygyny belläp, bu waka ýurdumyzda bedew ata berilýän ünsüň has ýokarydygyna hem-de dünýädäki ahalteke bedewine bolan gyzyklanmanyň has-da artmagynda ähmiýetli döwre eýe boljakdygy barada belläp geçdiler. Ýeri gelende bellesek, Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparymyz” dünýäniň 6-njy gezek çempiýony diýen beýik derejä eýe bolup, dünýä döwletlerini haýrana galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň goldaw hemaýaty bilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň birnäçe abraýly döwletleriniň sirk sungatynyň festiwallaryna gatnaşyp baş baýraklara mynasyp bolupdy. Ýagny 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen “IDOL” bütindünýä sirk sungaty festiwalynda baş baýraga, 2014-nji ýylda Italýanyň Latina şäherinde geçiirlen XVI Halkara sirk festiwalynda baş baýraga, 2015-nji ýylda Hytaý Halk respubilkasynyň Guwandun welaýatynyň Çzuhaý şäherinde geçiirlen II Halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga, 2016-nji ýylda Gyrgyz Respubilkasynyň Çolpan-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraga, 2018-nji ýylda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Sank-Peterburg şäherinde geçirlen Fontankadaky I Halkara sirk festiwalynda “Altyn Gaetano” altyn heýkeljige, 2025-nji Monaka Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýän 47-nji halkara sirk festiwalynda dünýäniň iň meşhur sirk toparlary bilen Ýurdumyzyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary gatnaşyp, Altyn baýraga mynasyp bolup üstünlikli çykyşlary bilen dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Şeýle halkara derejesinde üstünlik gazanmagy ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ajaýyp netijesidir.
Çykyşlaryň dowamy hem aýdymdyr tanslar bilen utgaşyp, baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Dabaranyň ahyry ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça bedew bady bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri bilen jemlendi.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.