
Täzelikler
41

Bilim we ylym — ösüşleriň binýady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim we energetika ulgamlary täze belentliklere çykýar. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýokary hünärli ýaşlary kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze binalar toplumy: döwrebap okuw binasy, umumy ýaşaýyş jaýy we sport toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Şol taryhy dabaralaryň çäklerinde institutyň halkara gatnaşyklaryny täze basgançaga göterýän möhüm resminamalara gol çekildi.
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024–2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly taslamanyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Germaniýanyň Galle-Wittenbergdäki Martin Lýuter uniwersiteti hem-de Klaustaýl Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.
Hyzmatdaşlygyň ilkinji miweleri gol çekilen resminamalaryň iş ýüzündäki ilkinji netijesi hökmünde, 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 2–5-i aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň binasynda «Durnukly energiýa ulgamlary: Gaýtadan dikeldilýän tehnologiýalaryň esaslary we ulanylyşy» atly okuw seminary geçirildi. Halkara bilermenleriň gatnaşmagynda guralan bu okuwlar, professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmeklerine hem-de ylmy barlaglaryň hilini ýokarlandyrmaga uly ýardam etdi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýyl hem şol hyzmatdaşlygyň täze tapgyry bilen başlady. 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 12-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda abraýly nemes ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda nobatdaky möhüm okuw seminaryna badalga berildi. 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwaryna çenli dowam etjek bu halkara çäräniň barşynda ösen bilim usullaryny okuw işine giňden ornaşdyrmaga, professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň halkara hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de özara tejribe alyşmaga aýratyn üns berlip, seminaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylara halkara derejeli degişli şahadatnamalar gowşurylar.
Uniwersitetleriň tehniki ylymlar boýunça şeýle ýöriteleşen hyzmatdaşlygy senagatyň durnukly ösüşine, «ýaşyl» tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna we ýurdumyzyň energetika kuwwatynyň berkemegine uly goşant goşýar. Bu bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim we ylym ulgamynda amala aşyrýan beýik özgertmeleriniň aýdyň miwesidir. Okuw seminaryna gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.