
Täzelikler
242

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilimli we ylymly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda köp işler durmuşa geçirilýär. 2025-2026-njy okuw ýylynyň gyşky dynç alyş möwsüminde, has takygy ýanwar aýynyň 10-na Mary welaýatynyň Mary şaheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirien 23-nji orta mekdebinde “Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryň ähmiýeti” atly çäre geçirildi we baý many-mazmunly kitap sergisi guraldy.
Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän, ýiti zehininden kemal tapan ajaýyp eserleri her bir türkmenistanlynyň, aýratyn-da bilim işgärleriniň ýan kitabyna öwrüldi. Çünki bu ajaýyp kitaplaryň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Kitaplaryň sahypalarynda beýan edilen her bir jümläniň çagany terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyna aýdyň göz ýetirýäris.
Sergä syn edilýän pursatlarda Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, olaryň terbiýeçilik ähmiýeti, olardaky çuňňur watançylyk duýgusy, ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti barada gyzykly söhbetdeşlikler we özara pikir alyşmalar hem öz beýanyny tapdy.
Serginiň dowamy Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan parçalary ýatdan aýtmak boýunça bäsleşik we “Watan waspy mydam meniň dilimde, Bagtyýarlyk ylym bilen bilimde” atly aýdym-sazly çäre bilen utgaşdy.
Çäräniň dowamynda okuwçylarynyň arasynda “Paýhas çeşmesi” kitabyndan nakyllary, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabyndan rowaýatlary, şeýle-de “Älem içre at gezer” we “Döwlet guşy” romanlaryndan parçalary aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşik gyzykly, çekeleşikli geçdi we terbiýeçilik ähmiýeti babatda mazmun taýdan örän baý boldy.
Bu ýerde mugallymlaryň we okuwçylaryň tagallasy bilen taýýarlanylan hem-de ýerine ýetirilen dürli çykyşlar hem örän gyzykly we täsirli boldy. “Arkadagyň kitaplary” atly şygyr labyzly okalyp, “Beýik Arkadaga alkyş, söýgi bar” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen utgaşdy. Soňra Watanymyzy, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymlar, çeper okaýyşlar ýaňlandy.
Gyşky dynç alyş möwsüminde guralan bu çäre okuwçylaryň bilim derejesini artdyrmak bilen bir hatarda olaryň watançylyk duýgularyny ösdürmäge hem ýakyndan ýardam berendigini bellemelidiris.
Ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli, watansöýüji, ahlak taýdan arassa bolmagy üçin uly aladalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirýäris. Goý, asuda Watanymyz mundan beýläk-de güllesin, gül açsyn! Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, başlary belent bolsun, il- ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maksat Ýakubow,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmeni
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.