
Täzelikler
198

13-nji ýanwarda Aşgabat şäheriniň 19-njy orta mekdebinde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen mekdep kitaphanasynda “Gadamy batly bedew” atly söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärä gatnaşyjylar, ilki bilen, kitaphanada ýaýbaňlandyrylan sergä syn etdiler. Sergide Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew”, “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapada” ýaly kitaplaryna aýratyn orun berildi. 2026-njy ýylyň şygarynyň ähmiýeti barada giňişleýin söhbet edildi.
Bu şanly ýylymyzyň şygarynda geljegimiziň bedew batly ösüşlere beslenmegi hem-de ähli ýagşy niýetlerimiziň myrat tapmagy arzuwlanýar. Dana pederlerimiz ýylky ýylynyň hemişe gowulyklary getirjekdigine, rysgal-berekede, ýagşy pursatlara baý boljakdygyna ynanypdyrlar. Bedew atlar müňýyllyklaryň dowamynda türkmeniň ýüreginde orun alypdyr. Munuň şeýledigine halk döredijiligimiziň gymmatlyklaryna – dessanlarymyza, eposlarymyza, rowaýatlardyr ertekilerimize nazar aýlanyňda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Nusgawy edebiýatymyzyň ägirtleriniň hem behişdi bedewlerimize söýgüsini şygyrlarda beýan etmedigi ýokdur. Türkmeniň dünýä ady dolan şahsyýeti Magtymguly Pyragynyň goşgularynda türkmen ýigitlerini bedew atdan üzňe göz öňüne getirilmeýär we Mätäjiniň “Bedewiň” diýen şygry at waspynynyň nusgasydyr.
Okuwçylarymyz watançy, serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň hem goşgularyny okap, bu şahyryň döredijiliginiň-de, durmuşynyň-da bedew bilen aýrylmaz baglanşyklydygyna ýene bir ünsi çekdiler. Serkerde şahyryň ömrüniň köp bölegi gyrat üstünde geçipdir. Hut şonuň üçin şahyryň serkerdeligi, bedewleri goşgularynda wasp edişi onuň ömür ýoluna öwrülipdir.
Goç ýigidiň syrdaşy bolan bedewe “Görogly” eposynda hem has uly orun berlipdir. Eserde Görogly begi Gyratsyz göz öňüne getirmegem mümkin däl. Muny Gyratyň keşbiniň eserdäki beýleki gahrymanlar bilen deň derejede orta çykýanlygy bilen düşündirilse has ýerlikli bolar.
Täze 2026-njy ýyl – “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly hem türkmen halky üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar. Bu ýyl bagtyýar halkymyzy täze arzuwlaryna, maksat-myradyna ýetirer. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynyň adynyň at bilen baglanyşdyrylmagynyň özeninde çuňňur many bar. Çünki at – owadanlygyň, ýyndamlygyň, wepalylygyň nyşany. Munuň özi üstümizdäki ýylyň bedew bady bilen owadan günleri arzuwlamagyň nyşany. Bedew halkymyzyň şahyrana döredijiliginiň hem senasyna öwrüldi, aýdymlarda, dessanlarda, rowaýatlarda, nakyllarda, atalar sözlerinde şan-şöhrata eýe boldy. Okuwçylarymyz bolsa at barada aýdylan ata-babalarymyzdan galan parasatly nakyllardan, “At agynan ýerde toý bolar”, “Aty baryň ganaty bar”, “Agaç ekeni biler, at – bakany”, “Är ganaty at”, “At aýlanyp gazygyny tapar, suw aýlanyp – ýarygyny”, “At üsti hyýally, dag üsti dumanly” ýaly atalar sözlerinden aýdyp berdiler we olaryň manysy, ähmiýeti barada öz dünýägaraýyşlaryny beýan etdiler. Bu parasatly pikirlerde ruhy güýç-kuwwat bar. Olarda türkmen bedew atlarynyň gylyk-häsiýeti, şan-şöhraty, toýlaryň bolsa bezegidigi aýdyň görünýär.
Türkmenler hiç haçan atlaryna haýwan diýmändirler, olara maşgala agzasy we dosty hökmünde garapdyrlar. Şol sebäpli her atyň öz ady bolup, onuň tohumynyň yzarlanyşy nesilden-nesle dowam edip gelýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýat merkezlerinde bina edilen ýadygärliklerde bedewlere goýulýan aýratyn hormaty görmek bolýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň milli baýramy döwlet derejesinde bellenilýär.
Goý, bedew bady bilen gülläp ösýän ýurdumyzda hemişe toýlar toýlara ulaşsyn.
Güljahan Ýazmammedowa,
Aşgabat şäheriniň 19-njy orta mekdebiniň
kitaphanaçysy
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.