
Täzelikler
21

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda 2025-nji ýyl bilim we ylym özgertmeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan birnäçe möhüm wakalara we üstünliklere baý boldy. Bu özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan möhüm wezipeleriň çözülmegini üpjün etjek ýaş, ýokary hünär bilimli ylmy işgärleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary, saglyk merkezleri ulanmaga berilýär hem-de täze, döwrebap binalaryň gurulmagy dowam etdirilýär.
Häzirki wagtda ýurdymyzda takyk, tebigy we ynsanperwer bilimlere, daşary ýurt dillerini okatmaga ýöriteleşen mekdepler hereket edýär. Türkmen halkynyň baý taryhyny, medeni mirasyny çuňňur öwrenmek maksady bilen, okatmagyň täze usullary peýdalanylyp, aýry-aýry dersler boýunça goşmaça gurnaklar döredilýär hem-de çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulan ylmy edebiýatlar taýýarlanylýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly okatmak işi işjeň ösdürilýär. Olaryň resmi web saýtlarynda bilim ojagynyň düzümi, bilim maksatnamalary we platformalary, fakultetler, hünärler barada giňişleýin maglumatlar, dalaşgärler üçin habarlar ýerleşdirilendir.
Bilim-ylym ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, talyplary we mugallymlary alyşmak meseleleri, umuman, ýaşlar mowzugy hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň çäginde guralýan duşuşyklaryň, Hökümetara, pudagara derejedäki gepleşikleriň gün tertibine-de girizilýär.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.