
Täzelikler
460

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2026-njy "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany" ýylyna bagyşlanyp tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. 2026-njy ýylyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran taryhy waka boldy. Bu şygarda Garaşsyzlygyň mizemez binýady, baky Bitaraplygyň dünýä derejesindäki abraýy hem-de türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän beýik arzuw-myratlary jemlenýär. Bedew atyň belent ruhy, çaltlygy we wepalylygy bilen sazlaşýan bu şygar milli ösüş ýolumyzyň dowamlylygyny alamatlandyrýar. Bu taryhy atlandyrma döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer we öňdengörüjilikli syýasatynyň logiki dowamy bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň aýdyň netijesidir. Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan syýasat bolsa ykdysady ösüşe, halkara hyzmatdaşlygyň giňemegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna berk esas bolup hyzmat edýär.
Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. «At — myrat» diýlişi ýaly, bu gelen ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.