
Täzelikler
53

2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 15-ine Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň mugallymlarynyň we “Himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalaryň maşynlary we apparatlary” hünäriniň 2-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän gaz beton öndürýän zawodyna göçme okuw sapagy geçirildi.
Göçme okuw sapagyna gatnaşýanlaryň ählisi tehniki howpsuzlygyň düzgünleri bilen tanyşdyryldy. Talyplar çig maldan başlap taýýar önüme çenli işleriň gidişi bilen tanyşdylar. Gaz beton kerpiçlerine zerur bolan kwars çägesi, gips sement ýaly çig mallar öz ýurdumyzdan öndürilýändigi bilen tanyşdylar. Göçme okuw sapagy gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.