tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi

20.01.2026

695

Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi

Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa 500-e golý türgen gatnaşdy. Nusgawy küşt, rapid we blis boýunça geçirilen birinjilikde türgenler medallar toplumynyň 36-sy ugrunda bäsleşdiler. Bu barada «Türkmen sporty» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýaryşyň netijeleri boýunça Lebap welaýatynyň topary öňdeligi eýeledi. Lebaply türgenler jemi 20 altyn medal gazanmagy başardylar. Mary welaýatynyň topary 2-nji orny eýeledi (6 altyn, 5 kümüş we 8 bürünç). Aşgabat şäheriniň topary 3-nji orna mynasyp boldy (4 altyn, 4 kümüş we 10 bürünç). 

Ýaryşda Hangeldi Myradow we Bahar Jumaýewa (7 ýaşyna çenli dereje) altyn medallaryň üçüsini eýelemegi başardylar. Şeýle hem Çaryhekim Çaryýew, Bägül Jumaýewa, Läle Wepaýewa, Alyhan Batyrow, Nurhan Babanazarowa, Maksat Öwlýakulyýew , Gurbanmyrat Rüstemow we Jahan Rejepowa dagy tapawutlanmagy başardy.

Çeşmesi: Turkmenportal

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz