
Täzelikler
202

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sport we medeni çäreleri beýan etmek üçin ýörite mediatopar döredildi. Bu baradaky maglumat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen we 2026-njy ýyldaky medeniýet hem-de sport wakalarynyň mediýa beýanyna bagyşlanan maslahatda aýdyldy.
Döredilen mediatoparyň düzümine ýurduň bäş sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň 12 sany tejribeli mugallymy we 76 sany zehinli talyby girdi. Maslahatyň dowamynda täze döredilen habarçylar toparynyň maksatlary, wezipeleri we guramaçylyk işiniň esasy ugurlary hem düşündirildi.
Çärä gatnaşyjylar ýaş žurnalistleriň esasy başarnyklaryny ýokarlandyrmaga, tejribesini baýlaşdyrmaga, şeýle hem 2026-njy ýylda döwlet we halkara derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm wakalary professional hem-de operatiw şöhlelendirmäge gönükdirilen ýörite okuw maslahatlaryny (treningleri) guramagy ara alyp maslahatlaşdylar.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.