
Täzelikler
38

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiň mugallymy Döwletmyrat Berdiýew Ýaponiýanyň Hökümetiniň guramagynda Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin "MIRAI" maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän "Kanunyň hökmürowanlygy" atly okuw maslahatyna gatnaşdy. Bu okuw maslahaty 2026-njy ýylyň 14-19-njy ýanwar aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirildi.
Ýaponiýanyň Tokio şäherinde «Mirai» maksatnamasynyň çäklerinde «Kanunyň hökmürowanlygy» atly halkara okuw maslahatynyň geçirilmegi, bu çäre kanunyň hökmürowanlygynyň häzirki zaman jemgyýetindäki ornuny çuňňur öwrenmäge hem-de dürli ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmagy ösdürmäge gönükdirilendir.
Okuw maslahatynyň maksatnamasy kanunyň hökmürowanlygy, hukuk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribeleri öwrenmegi öz içine alýar. Maksatnamanyň dowamynda leksiýalar, tematik okuw sapaklary, pikir alyşmalar guraldy.
Maksatnamanyň çäklerinde Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Tokio şäherindäki Keio uniwersitetinde ýörite okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy Keio uniwersitetiniň professorlary tarapyndan alnyp baryldy. Sapagyň dowamynda hukuk medeniýetini ösdürmegiň häzirki zaman usullary barada giňişleýin sapaklar geçirildi. Gatnaşyjylar professorlaryň baý ylmy tejribesine esaslanan çykyşlary arkaly gymmatly bilimlere eýe boldular.
Şeýle hem okuw maksatnamasynyň dowamynda gatnaşyjylar Keio uniwersitetiniň muzeýine gezelenç etdiler. Muzeýde Ýaponiýanyň bilim ulgamynyň ösüş taryhyna, Keio uniwersitetiniň döredilişine we ylmy-medeni mirasyna degişli gymmatly taryhy bilen tanyşdyryldy. Bu gezelenç gatnaşyjylaryň medeni dünýägaraýyşlaryny giňeltmek bilen bir hatarda, bilim bilen medeniýetiň özara baglanyşygyny has-da aýdyň görkezdi. «Mirai» maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän bu halkara okuw maslahaty gatnaşyjylaryň hünär bilimlerini kämilleşdirmäge, halkara tejribäni öwrenmäge hem-de hukuk we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Maksatnamanyň netijeleri kanunyň hökmürowanlygyny berkitmäge, hukuk medeniýetini ösdürmäge möhüm goşant goşar.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.