
Täzelikler
1102

Aşgabatdaky Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hindi dili okuw otagynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Dilçi talyplar milli tanslary we meşhur hindi aýdymlary bilen çykyş edip, baýramçylyk şatlygyny döretdiler.
Täze okuw otagy iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy. Bu ýerde talyplar tanymal hindi akyldarlarynyň eserlerini, sanly we çap edilen görnüşde ýurduň özboluşly medeni mirasyny öwrenip bilerler.