
Täzelikler
205

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde täze Aýurweda okuw otagynyň dabaraly açylyşy boldy. Çärä Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili Sibi Jorj, bu ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler bu täze merkeziň iki ýurduň arasyndaky ylym we bilim gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ädimdigini bellediler. Bu başlangyç Türkmenistan bilen Hindistanyň medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň, hususan-da, ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzündäki beýanyna öwrüldi.
Hindi bilermenleri aýurwedanyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy bejerijilik ulgamydygyny nygtadylar. Bu usul tebigy serişdeler, dogry iýmitleniş we ýoga maşklary arkaly adam bedeniniň we ruhunyň sazlaşygyny saklamaga kömek edýär. Täze açylan otag talyplara bu gadymy ylmyň inçeliklerini has çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilik döreder.
Häzirki wagtda uniwersitetiň birnäçe hünär ugurlarynda adaty hindi lukmançylygy boýunça ýörite sapaklar okadylýar. Bu hyzmatdaşlyk 2015-nji ýylda gol çekilen hökümetara Ähtnamanyň esasynda ösdürilýär. Mundan ozal Aşgabatda Merkezi Aziýada ilkinji Ýoga we adaty lukmançylyk merkeziniň açylmagy hem bu ugurdaky möhüm wakalaryň biridir.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täze okuw otagynyň enjamlaşdyrylyşy we iş usullary bilen tanyşdylar. Çäre uniwersitetiň "Melhem" aýdym-saz toparynyň gyzykly çykyşlary bilen jemlendi. Gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge döredýän mümkinçilikleri üçin iki döwletiň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdiler.
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.