
Täzelikler
272

Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen «GDA-nyň iň gowy mugallymy — 2025» atly halkara bäsleşigiň netijeleri mälim edildi. Bu abraýly bäsleşikde türkmenistanly ýaş mugallym Nowruzälem Gurdow ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň abraýyny belende göterdi.
Almaty şäheriniň «Bilim» respublikan bilim merkezi we «Dobro» Halkara haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçirilen bu bäsleşik Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň bilim işgärleriniň arasynda iň zehinlileri ýüze çykarmaga gönükdirildi. 2025-nji ýylyň 11-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 3-nji ýanwaryna çenli dowam eden onlaýn tapgyryň netijesinde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Nowruzälem Gurdow ýokary görkezijileri gazandy.
Atçylyk we seýisçilik kafedrasynyň mugallymy, şeýle-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy bolan Nowruzälem Gurdow bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde «GDA-nyň iň gowy mugallymy» atly döşe dakylýan nyşan we I derejeli diplom bilen sylaglandy.
Bu üstünlik Türkmenistanyň bilim syýasatynyň, hususan-da, ýaş hünärmenleriň halkara ölçeglere laýyklykda taýýarlanmagynyň aýdyň netijesidir.
Halkara bäsleşigiň ýeňijisi Nowruzälem Gurdow özüniň gazanan üstünligi barada şeýle diýdi:
«Halkara bäsleşige internet arkaly gatnaşyp, I derejeli diploma mynasyp boldum. Bu meniň üçin hem uly bagt, hem ägirt uly jogapkärçilikdir. Çünki Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz biz — ýaşlara hemişe uly ynam bildirýärler. Şol belent ynamy ödemek we halkara derejede ata Watanymyzyň abraýyny artdyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr».
Sözüniň ahyrynda ýaş mugallym ýurdumyzda ylym-bilim dünýäsine giň ýol açyp berýän döwlet Baştutanymyza we Milli Liderimize özüniň çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.