
Täzelikler
53

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 30-njy ýanwarda «Mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmegiň döwrebap usullary: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar» atly okuw-usulyýet maslahatyny guraýar.
Institut mugallymçylyk hünär ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, mekdebe çenli edaralaryň mugallymlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenlerini we Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky hünär ýokarlandyryş merkezleriniň mugallymlaryny maslahata gatnaşmaga çagyrýar.
Garaşylyşy ýaly, forumda mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek üçin häzirki zaman usullaryna we ylmy çemeleşmelere, iň oňat daşary ýurt we milli tejribeleri öwrenmek we ýaýratmak, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň iş ýüzündäki ähmiýeti, okuwçylar tarapyndan okuw maksatnamasynyň doly özleşdirilmeginiň üpjün edilmegini göz öňünde tutup, bilim işine okatmagyň iň täze usullaryny ornaşdyrmak baradaky temalara garalar.
Guramaçylar gyzyklanma bildirýän ähli mugallymlary okuw-usulyýet maslahatyna gatnaşmaga çagyrýarlar hem-de maslahatyň geçirilmeginiň mugallymlaryň arasynda ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam etjekdigine ynam bildirýärler.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.