
Täzelikler
46

2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 19-na Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallym öwrenijileri Merjen Ýaýlymowa, Maýsa Geldiýewa , Leýli Azadowa tarapyndan institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda “Döwrebap hünärmen we dil başarnygy” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady talyplaryň hünär kämilleşmeginde daşary ýurt dilleriniň tutýan ornuny düşündirmekden ybarat boldy. Çykyşlaryň dowamynda dil bilmegiň halkara tejribesini öwrenmekde we täze tehnologiýalary gysga wagtda özleşdirmekde kämil hünärmenleri ösdürip ýetişdermek üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada aýdyldy. Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň we öz hünäriňi yzygiderli kämilleşdirip durmagyň her bir öňdebaryjy hünärmeniň öňünde duran esasy wezipeleriň biridigi bellenildi.
Şeýle çäreler talyplaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşýar.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.