
Täzelikler
236

Aşgabat şäheriniň mekdep kitaphanaçylary ýaş neslimizi eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize, merdana halkymyza wepaly, bilimli, terbiýeli adamlar edip ýetişdirmekde möhüm ähmiýeti bolan kitaplary wagyz etmek, okamagy-öwrenmegi söýýän, zehinli ýaşlary has-da höweslendirmek boýunça Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilen bilelikde dürli çäreleri geçirýärler. Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi tarapyndan taýýarlanylýan we halk köpçüligine ýetirilýän “Zehinli çagalar” atly bäsleşikli telegepleşik şol çäreleriň biridir.
Okuwçylarda bilesigelijiligi kämilleşdirýän, kitaplar dünýäsine aralaşmaga ymtylyşy ösdürýän “Zehinli çagalar” atly tapgyrlaýyn geçirilýän bäsleşikli telegepleşigiň täze sany 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy bilen baglanyşdyryldy.
Bäsleşigiň her gezekki sanyna paýtagtymyzyň orta mekdeplerinden okuwçylar gatnaşyp, olar bäş tapgyryň dowamynda iki topar bolup bäsleşýärler. Birinji tapgyrda türkmen dili dersi boýunça sowallar, ikinji tapgyrda tagtajygyň ýüzüne harplar esasynda sözleri dogry ýazmak, üçünji tapgyrda surat esasynda söz düzümlerini düzmek, dördünji tapgyrda sözleriň dogry ýazylyşyny bilmek, bäşinji tapgyrda surat esasynda ertekileri we şol ertekileriň gahrymanlaryny tanamak ýaly şertler bar.
Bäsleşigiň bu tapgyryna Aşgabat şäheriniň 31-nji orta mekdebiniň zehinli okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşigiň dowamynda türkmen dili, edebiýat dersleri, şeýle-de türkmen halk ertekileri esasynda düzülen dürli şertler boýunça toparlar özara ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Bäsleşigiň ahyrynda ýaş nesil hakynda hemişe uly aladalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Jumagül Çalyýewa,
Aşgabat şäher baş bilim müdirliginiň usulçysy
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.