
Täzelikler
236

Täze taryhy eýýamda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen umumadamzat ähmiýetli dünýä nusgalyk beýik işlere, il-ýurt bähbitli ösüşlere beslenýän ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreler, forumlar röwşen geljegi nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň, bagtyýar halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda ýokary derejesinde guramaçylykly, üstünlikli geçirilen halkara maslahatynyň we dürli baýramçylyk çäreleriniň, toý tutumlarynyň esasynda hem bu hakykata bütin dünýä şaýat boldy.
Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap, “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitaby neşir edilip giň okyjylar köpçüligine ýaýradyldy. Bu kitabyň çap bolup çykmagy mynasybetli Aşgabat şäheriniň 147-nji orta mekdebiniň kitaphanasy tarapyndan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň mazmuny barada giňişleýin durlup geçildi.
“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan ykrar edilenden bäri üç onýyllyk möhletde özboluşly ösüş ýoluny geçip, sebit we ählumumy derejedäki durnuklylyk üçin möhüm gurala öwrüldi. XX asyryň ahyrynda dünýä jar edilen täze bir syýasy ýörelge hem-de onuň XXI asyrdaky aýgytly gadamlary türkmen halkyna mahsus häsiýetleri diňe bir söz – “Bitaraplyk” sözi arkaly hem beýan edip bolýandygyny görkezdi. Ol – hemişelik Bitaraplyk derejämiz – türkmen halkyna mahsus bolan ähli beýik häsiýetleri özünde jemleýän oňyn Bitaraplyk.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň yglan edilmeginiň 30 ýyllygynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň hem 80 ýyllygynyň bellenilmegi bu şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Gadymy döwürlerden häzirki güne çenli dowam edip gelýän milli mirasymyzda türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjiliginiň taryhy kökleri aýdyň görünýär. Parahatçylyk, myhmansöýerlik, dostluk ýaly häsiýetler munuň esasy gözbaşydyr. Hüwdülerden başlap, döredilen we döredilýän her bir eserde, onuň her bir setirinde parahatçylyk, agzybirlik, ylalaşyk, arkalaşyk düşünjeleri öňe sürlendir.
Türkmen halky üçin hemişelik Bitaraplyk – taryhymyzyň, medeniýetimiziň, ruhumyzyň we milli häsiýetimiziň tebigy dowamy bolup şöhlelenýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu işjeň, ynamly, öz taryhyna we gymmatlyklaryna esaslanýan, şol bir wagtyň özünde halkara jemgyýetçilige doly açyk we hyzmatdaş bolan parahatçylyk syýasatydyr. Bitaraplyk ata-babalarymyza mahsus syýasy ýol-ýörelgelerimiziň biridir.
Gülşat Annaýewa,
Aşgabatşäherindäki 147-nji orta mekdebiň kitaphaçysy.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.