
Täzelikler
180

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkymyzyň , aýratyn-da ýaş nesillerimiziň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlary durýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Zenanlar Guramasynyň we fakultetleriň arasynda “SAGDYN DURMUŞ BAGTLY GELJEK” atly talyp gyzlaryň arasynda döredijilikli bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň şertlerine görä türkmen milliligini saklap gelýän keteni köýnekli talyp gyzlar çeper goşgy setirleriniň üsti bilen özüni tanyşdyrdylar. Soňra bäsleşigiň dowamynda wagtyň gymmatlygy barada çuň mana ýugrulan atalar sözleridir rowaýatlar esasynda gyzykly söhbetdeşlik öz beýanyny tapdy. Indiki şerte görä talybyň günüň dowamynda öz wagtyny tygşytly we gymmatly, ýagny, söz baýlygyny kämilleşdirmek, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen çeper eserlerden ýa-da talyp durmuşyndan alnan wakalar sahnalaşdyryldy. Bäsleşigiň döwrebap el işlerini taýýarlamak tapgyry gaty gyzykly we çekeleşikli boldy, döwrümizi wasp edýän aýdymlarymyzy bolsa fakultetleriň talyp gyzlary uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň jemleýji pursatlarynda emin agzalary talyp gyzlaryň wagtyň gymmaty sagdyn durmuşyň bagtly geljegine edýän täsirini doly we dogry beýan edendigini belläp geçdiler. Şeýle-de ýokary okuw jaýymyzyň Zenanlar Guramasynyň başlygy Seýýara Saparowa hem talyp gyzlara wagtyň gymmatynyň sagdyn iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgesini dogry berjaý etmek bilen ölçenilýändigini wagty sarpaly, tygşytly we dogry peýdalanmalydygyny nygtady.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.