
Täzelikler
171

2026-nji ýylyň ýanwar aýynyň 24-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlary okuwlaryndan boş wagtlaryny peýdaly geçirmek maksady bilen Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guradylar. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar muzeý gymmatlyklaryň her biri bilen giňişleýin tanyşdylar. Ýaş nesilleri ýüzýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek, halkyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik we adamkärçilik, belent ahlaklylyk, şeýle hem milli ynsanperwerlilik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, kämil tehnikalardan, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirmek Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda muzeýiň ylmy işgärleri halkymyzyň köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý milli mirasymyzyň ýaşlaryň terbiýesindäki orny, olarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ruhubelentlik ýaly asylly häsiýetleri ösdürmekdäki ähmiýeti dogrusynda talyp ýaşlara giňişleýin gürrüň berdiler. Gezelenje gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.