
Täzelikler
127

Ýurdumyzyñ bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ösüp gelýän ÿaş nesillerimiziñ ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmegi, häzirki zaman ylmyna we saýlap alan hünärine ýetmegi, ýaşlaryň dünýägaraýşynyñ giňelmegi, ylym hem-de döredijilik bilen meşgullanmagy üçin döredilýän amatly şertler bilen utgaşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara derejeli olimpiadalarda, intellektual bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup eziz Watanymyzyñ ylym-bilim kuwwatyny açyp görkezýärler.
Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherindäki halkara matematika we himiýa olimpiadasy (BIMO-2026 we BIChO-2026) resmi taýdan 2026-njy ýylyň 25-29-njy ýanwary aralygynda Buhara döwlet uniwersitetiniň binýadynda geçirilýär. Bu abraýly intellektual bäsleşige dürli ýurtlaryň talyplary, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri hem gatnaşýarlar. Türkmen talyplarynyň şeýle halkara forumlaryna gatnaşmagy Türkmenistanyň tehniki ýokary okuw mekdeplerinde matematika taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezýär we sebitiň ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky akademiki gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edýär.
2026-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda Buharadaky “BIMO-2026” we “BIChO-2026” halkara matematika we himiýa olimpiadasy gyzgalaňly dowam edýär. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary öz ýurdunyň inženerçilik mekdebine wekilçilik edip, şeýle intellektual meýdançalarda adaty bolşy ýaly güýçli taýýarlyk görkezýärler.
Buhara döwlet uniwersitetinde geçirilýän bu günleriň maksatnamasyna şular girýär:
Bu çäre 2026-njy ýylda Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm waka bolup durýar.
“BIMO-2026” we “BIChO-2026” olimpiadalaryň netijeleri boýunça türkmen talyplaryna Watanymyza iň ýokary derejeli medallar we diplomlar bilen dolanmaklaryny arzuw edýäris!
Ýas nesillerimize okamaga, öwrenmäge döredip berýän ajaýyp şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri elmydama belent bolsun!
Eziz Annataganow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Okuw bölüminiň önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.