
Täzelikler
135

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň ilkinji aýynda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Katar döwletiniň Doha Ylym we tehnologiýa uniwersitetinden gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga gatnaşan Katar döwletiniň Doha Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Nasser Al Naeminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri barada özara maslahatlaşmalar geçirildi.
Özara duşuşyk Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen, esasan, bilim we ylym ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga bagyşlandy. Ikitaraplaýyn duşuşykda dünýä ülňülerine laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamagyň esasy ugurlaryna üns çekilip, uniwersitetiniň alyp barýan ylmy-barlag işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Aýratyn hem emeli aň we kibersport, robototehnika we elektronika ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige gyzyklanmalaryň ýokarydygy nygtaldy.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň häzirki wagta dünýäniň beýleki ösen döwletleriniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we iri kompaniýalary bilen özara düşünişmek baradaky ähtnamalarynyň ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Katar döwletiniň Doha Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, hem-de şol uniwersitet bilen talyp alyş-çalşygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygy barada aýdyldy.
Gahryman Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işler Katar döwleti bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, uniwersitetde ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň gerimini giňeltmäge, dünýä derejesine çykarmaga ähli mümkinçilikleriň döredilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.