
Täzelikler
124

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bähbidine gönükdirilip, ýurdumyzyň röwşen geljegini nazarlaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baý mazmunly kitaplary ösüp gelýän ýaş nesliň röwşen geljegi üçin ýol görkezijisi bolup durýandygyny wagyz etmek we bu kitaplaryň many-mazmunyny ýene-de bir gezek öwrenip geçmek maksady bilen Aşgabat şäheriniň 121-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda “Gymmatly gollanmalar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitaby ýurdumyzyň ýaşlarynyň dürli ugurlarda ýeten sepgitlerini, gazanan üstünliklerini beýan edýär. Baý many-mazmunly bu kitabyň watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döredýändigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde her birimiziň işimizde gymmatly gollanma bolup durýandygyna kitaphanaçylar hem, okuwçylar hem diýseň guwanýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi beýan edilip, onda dürli taryhy maglumatlar getirilýär. Bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen ruhy-medeni däpleri barada beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri”, “Magtymguly – dünýäniň akyldary”, “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaplarynyň many-mazmuny bilen okuwçylary tanyşdyrmak boýunça mekdep kitaphanasy tarapyndan kitaplary wagyz-nesihat etmegiň dürli usullaryndan peýdalanylyp, dürli çäreler geçirilýär. Bu ajaýyp kitaplar biziň her birimiz üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesle ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek baradaky parasatly sözleri işimizde uly goldaw bolup durýar. Ösüp gelýän nesil biziň geljegimiz. Şonuň üçin biz – kitaphanaçylar çagalaryň ylymly, bilimli, Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda güýjümizi gaýgyrman zähmet çekeris. Dünýäde dost-doganlygy, parahatçylygy pugtalandyrmakda beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Hemragül Söýünowa,
Aşgabat şäheriniň 121-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.