
Täzelikler
209

2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 29-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlarynyň okuwlaryndan boş wagtlaryny peýdaly geçirmek maksady bilen Mary welaýatynyň çägindäki Gadymy Merw Döwlet Taryhy-Medeni goraghanasynyň çägindäki ýadygärliklere gezelenç gurnaldy. Bu ýer Beýik Ýüpek ýolunda ýerleşýän iň gadymy we iň gowy saklanyp galan şäherleriň biridir. Häzirki wagtda Murgap derýasynyň bol hasylly jülgesinde ýerleşip beýleki şäherlerden düýgöter tapawutlanýan Merw ýadygärlikler toplumy iň bir gezelençleriň köp gurnalýan ýerine öwrüldi. Talyp ýaşlar gezelenjiň dowamynda Gyzlar gala, Erkgala hem-de Soltan Sanjaryň kümmetine baryp, ol ýerdäki taryhy tapyndylar we ýadygärlikleriň her biri baradaky giňişleýin taryhy maglumatlar bilen tanyşdylar. Gezelenje gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.