
Täzelikler
53

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylan ýylymyzda bellenilen meýilnama esasynda Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi netijesinde ýurdumyzyň kitaphana ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işler we öňde goýulýan wezipeler dogrusynda maslahat geçirdiler.
Maslahata Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň kitaphana işi boýunça usulçysy J. Çalyýewa, paýtagtymyzda ýerleşýän mekdepleriň kitaphanaçylary hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň “Çagalar okaýşyna ýolbaşçylyk etmek” hünäriniň talyplary gatnaşdy. Maslahatyň çäginde Döwlet Maksatnamasynda beýan edilen: Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak; ýaşlaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak, olary ylmy-döredijilik, terjimeçilik işlerine köpçülikleýin we işjeň çekmek baradaky amala aşyrylýan wezipeler, ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, çagalar we çagalar okaýşyna ýolbaşçylyk edýän hünärmenler üçin hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini artdyrmak işlerini ýokarlandyrmak hakyndaky bölümleri boýunça alnyp barylýan we geljekde ýerine ýetiriljek işler barada içgin durlup geçildi.
Kitaphanaçylaryň arasynda geçirilen maslahatyň ahyrynda kitaba, kitaphana ulgamyna aýratyn hormat-sarpa goýýan, ýaş nesilleriň kitaba bolan söýgüsini has-da artdyrmak boýunça uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.